IEC 61131-3 standardyndaky PLK programmirleme dilleri

in plk •  5 years ago 

IEC 1131-3 programmirlenýän kontrolýorlar üçin bir halkara açyk standardyň nomeridir. Aslynda IEC de nomerlemeler üýdgänden soňra IEC 61131-3 belgisi berildi.
Bu standarda görä PLK programmirleme dilleri şu aşakdakylar ýalydyr.
Ladder Diagram (LD)
Sequential Function Carts (SFC)
Function Block Diagram (FBD)
Structured Text (ST)
Instruction List (IL)

Bu standardyň peýdalaryndan programmirlenýän kontrolýoryň programmasyny taýarlamak üçin birnäçe programmirleme diliniň ulanylyp bolmagydyr. Bu da programmistlere her iş üçin iň gowy dili ulanma mümkünçiligi berýär.

Ladder Logic
Ýada dilimizde aýtsak merdiwan logikasy. Bu dil PLK programmirleme dilleriniň esasylaryndan hasaplanýar. Rele logikasyna meňzedilip döredilen dildir. Hatta ilk programlar dogrydan dogra rele şemalaryna meňzedilip ýazyldy. Bu bolsa elektrik inženerlerine, tehniki işgärlere we beýleki iženerlere PLK programmirleme hünärini öwretme zerurlygyny ortadan aýyrýar bu bolsa LD programmirleme diliniň iň köp ulanylýan dil bolmagyna ýol açýar.
Güýçli taraplary:
Basamaklar tertipli we yzarlamak aňsat
Teswirlemeleri/düzeltmeleri ýerinde ýazmak bilen programmanyň okalyşyny aňsatlaşdyryp bolýar.
Onlaýn üýtgedip bolýar
Gowşak taraplary:
Esasy gowşak tarapy käbir instruksiýlar ýok. Bu bolsa bu dil bilen ýazylan programmlar bilen hereket kontroly we desseleýin(batch) işleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik bermeýar.

Sequential Function Carts
Dilimiz bilen aýtsam yzyigider funksiýonal diýagrammalar diýip bileris. Bu dil merdiwan logikasy bilen programmirlenip bolmaýan has çylşyrymly kontrollerlary prorgammirlemek üçin döredilendir. Tehnologiki protseleri dolandyrýan programmalary taýarlamak üçin ulanylýar. Sistema her statusynda bir iş ýerine ýetirýär. SCADA/HMI da garşymyza çykýar. Akyş diýagrammalaryna meňseş ýöne tapawudy bir gezekde birnäçe ädim işi birden ýerine ýetirip bolýar.
Güýçli taraplary:
Protsesleri birnäçe ädimlere bölip bolýar bu da öz gezeginde has aňsat dolandyrmaga kömek edýär.
Iş logikasy dogrydan eýeterli bolýar we näsaz enjam dessine tapylýar.
Protsesi dizaýn etmek we logikasyny taýarlamak çalt we aňsat.
Gowşak taraplary:
Hemme işe gabat gelmeýär.

Structured Text (ST)
Strukturaly Tekst. Has kämil programmirleme desgasydyr. Basic we Pascal programmirleme diline gaty meňseş. Bu dilde kontrol algoritmalaryny ýazmak hasda amatly gysgaça aýtsak ýazan algoritmaňy duýup bilýäň. Gysgaltmasy ST ýada STX şeklinde garşymyza çykar. Ýokary dereje programmirleme synpyna girýär. Çylşyrymly beýanlary we höwürtegelenen instruksiýalary goldaýar.
Güýçli taraplary:
Gaty tertipli we uly matematiki hasaplamalary aňsat ýerine ýetirýär.
Merdiwan Diýagrammasynda ýok bolan käbir instruksiýalar bu dilde bar
FOR, WHILE, IF, ELSE, ELSEIF AND CASE funksiýalaryny ulanyp bilýäňiz.
Gowşak taraplary:
Sintaks kyn bolup biler.
Debug kynrak
Onlaýn düzeltmek kyn

Function Block Diagram (FBD)
Grafiki interfeýsli programmirleme esbaby. Asyl dörediliş sebäplerinden biri köp gaýtalanan işleri programmirlemek içindir. Fuksiýa bloklary sahypa sahypa taýarlanandan soňra PLK hemişe/zol bu sahypalary darar we işleder.
Güýçli taraplary:
Hereket kontrol işleri üçin gowy.
Grafiki interfeýs
Programmaňyzy bir ýada birnäçe funksiýa bloklaryna bölip bilýaňiz.
Gowşak taraplary:

Funksiýa bloklary sahypanyň islendik ýerine goýulyp biliner bu bolsa wagtyň geçmegi bilen tertibiň ýitmegine we soňradan problema çözmegi hasda kynlaşdyrmakdadyr.

Instruction List (IL)

Tekst bazly dil. Assembly diline çalym edýär. Instruksiýalar üçin Mnemonik kod ulanmaly meselem LD (ýükle), GT (git), AND, OR we şuňa meňzeş. Her instruksiýa bir setirde bolmaly. es dereje programmirleme dili. Käbir ýerlede Mnemonik Instruksýalar hem diýilýär.
Güýçli tarapy:
Ýerine ýetirilen işde wagtyň örän wajyp blan ýagdaýlarda ulanylýar.
Örän dykyz/kiçi programma gerekdiren ýagdaýlarda ulanylýar.
Gowşak taraplary:
Strukturalaşdyrmak diňe GOTO kommandasy bilen çäkli.
Ýalňyşlyklary tapmak beýleki dillere görä hasda kyn

Authors get paid when people like you upvote their post.
If you enjoyed what you read here, create your account today and start earning FREE STEEM!
Sort Order:  

Congratulations @nouryev! You received a personal award!

Happy Birthday! - You are on the Steem blockchain for 1 year!

You can view your badges on your Steem Board and compare to others on the Steem Ranking

Vote for @Steemitboard as a witness to get one more award and increased upvotes!